Habarlar
RSS
15 Few 2024
Ýurdumyzda Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça 2023-nji ýylyň jemine we ýerine ýetirilen işlere bagyşlanan ýygnak geçirildi

  Düýn ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýlan wezipelere hem-de degişli pudaklarda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Olarda wise-premýeriň, ministrleriň we beýleki ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmek boýunça şu ýyl, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.Çykyşlarda 2023-nji ýylda ýurdumyzyň Ulag we kommunikasiýalar toplumy boýunça 121 %  ösüşiň gazanylandygy barada aýdylyp, jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigi, pudagyň agentliklerinde kadaly önümçilik netijeleriniň gazanylandygy nygtaldy. Şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bilen bagly meselelere üns çekildi. Hususan-da, milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.“Türkmendemirýollary” agentliginde geçirilen bu maslahatda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Maslahatlara gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda depginli ösdürmek babatda yzygiderli tagalla edýän, döwrebap şertlerde işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edip, öňde goýlan derwaýys wezipeleri amala aşyrmakda bilimdir tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.  

13 Few 2024
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltýärler

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Özara düşünişmek hakynda Ähtnama we 2024-nji ýylyň dowamynda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasyna gol çekdiler. Ähtnamada taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly kuwwatlygyna işletmek, portuň dünýä ulag-logistika ulgamyndaky ornuny, daşary ýurt müşderileri üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, ondan üstaşyr geçýän ýük akymyny artdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmegi, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň halkara hyzmatdaşlaryny Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň maddy-tehniki we tehnologiki kuwwaty, portuň çäginde döredilen ýeňillikler we mümkinçilikler baradaky maglumatlar bilen yzygiderli tanyşdyrmagy, özara maglumat we tejribe alyşmagy, daşary ýurt kompaniýalary we guramalary bilen hünär we işewür gatnaşyklary giňeltmekde birek-birege ýardam bermegi we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny ylalaşdylar. Şeýle-de, taraplar tagallalaryny birleşdirmek arkaly, portuň üsti bilen ýük daşamalaryny ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bolup durýan ulag-logistika kärhanalary bilen bilelikdäki geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi ylalaşdylar. Bilelikdäki Meýilnamada taraplar şu ýylyň dowamynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň halkara hyzmatdaşlary bolan Ekspeditorlar Assosiasiýasynyň Halkara Federasiýasynyň (FIATA), Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň (Международный Координационный совет по трансъевразийским перевозкам) agzalarynyň, Merkezi Aziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Günorta Koreýanyň iri ulag-logistika edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatyna bagyşlanan bilelikdäki maslahatlary, işewür forumlary, webinarlary, tegelek stollary wideoaragatnaşyk arkaly geçirmegi meýilleşdirýärler. Bu çäreleriň netijeleri boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurt ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ulag-logistika kärhanlarynyň işgärleri üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägindäki terminallara we beýleki desgalara tanyşdyryş saparlaryny geçirmek hem bellenilýär. Şeýle çäreleriň ilkinjisi şu ýylyň fewral aýynyň 14-ine ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Merkezi Aziýada Söwda maksatnamasynyň (USAID TCA) goldaw bermeginde, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň we Beýik Britaniýanyň Ulag we logistika boýunça Korollyk institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy (CILT Central Asia) bilen bilelikde guramagynda “Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýanyň önüm eksport edýän taraplary üçin üstaşyr merkez hökmündäki orny” ady bilen onlaýn tegelek stol çäresi görnüşinde geçiriler. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag we logistika pudagynda iş alyp barýan edaralarynyň, guramalarynyň, kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň guramagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara bilermenleriniň tälim bermeginde onlaýn türgenleşik sapaklaryny guramak hem göz öňünde tutulýar. Taraplar şeýle hem ýerli we daşary ýurtly önüm öndürijileriň we ýük daşaýjylaryň Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçirjilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy üçin özara hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşleriniň üpjün edilmeginde birek-birege ýardam bermäge ylalaşdylar..