2023-nji ýylyň 1-3-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “TransLogistika Uzbekistan 2023” atly halkara sergisi geçirilýär. Bu çärä 15 ýurtdan 60 dan gowrak kompaniýa gatnaşyp, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem öz sergi stendi bilen çykyş edýär.
Bu çäräniň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Halkara Ulag Forumy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag ministrleriniň 12-nji duşuşygy we "Awiasiýa we logistika 2023" atly halkara awiasiýa forumy hem geçirilýär. Agzalýan çärelere ýurdumyzyň ýokary derejeli wekilýeti hem gatnaşýar.
Serginiň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň sergi stendi gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi, onuň mümkinçilikleri barada portuň wekilleri tarapyndan giňişleýin gürrüň berildi. Täze portuň umumy ýük geçirijilik kuwwaty nebit önümlerini hasaba almazdan ýylda 17 million tonna barabar bolup, portuň taslamasyna laýyklykda 4 sany täze terminal guruldy. Olar umumy ýükler terminaly, ýylda 400 müň konteýner kuwwaty bolan konteýner terminaly, Ürgün ýükler terminaly, Ýolagçy parom terminaly, şeýle hem bar bolan 2 sany terminal gaýtadan dikeldilendigi barada sergä gatnaşyjylara aýdyp geçildi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Türkmenistanyň ulag pudagynda möhüm merkezleriň biri bolup, Ýewropa ýurtlaryna, ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna çykmak üçin geljegi uly mümkinçilikleri hödürleýär. Türkmenistanyň ulag ulgamyny bütindünýä ulag ulgamyna birikdirmek, şeýle hem, Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarda multimodal gatnawlary ösdürmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Esasy sebitleri birleşdirýän gatnawlaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz porty Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda logistika merkezine öwrülýär.
Halkara serginiň dowamynda dünýäniň dürli künjeginden meşhur ulag-logistika kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Olaryň hatarynda MSC Tashkent LLC, FESCO, MEDLOG GEORGIA LLC, Albayrak, Central Asia Trans, Azlogista, TRANSASIA Logistics, PRIME Shipping & Transportation ýaly kompaniýalar hem bar. Şeýle- de, PSA Africa PTE LTD we Bütindünýä Bankynyň Özbegistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen gämi gurluşygyna maýa goýum çekmek boýunça gepleşikler geçirildi. Mundan başga-da portlarda ýükleme-düşürme işleri üçin täze innowasiýalar ornaşdyrylan konteýner göteriji enjamlary öndürýän RAM Spreaders kompaniýasynyň wekilleri bilen hem gepleşik geçirildi.