Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň bugdaý önümleriniň importyny dowamly kabul etmegi, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hem zerurulyklaryny kanagatlandyrmakda möhüm orna eýeleýändigini görkezýär. Bu ýükler Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan gämiler arkaly getirilip, portuň Umumy ýükler terminaly hem-de Ürgün ýükler terminalyndan geçirilýär. Umumy ýükler terminaly ýükleri çalt we ygtybarly ýükleme-düşürme hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Ürgün ýükler terminalynda bolsa, däne görnüşli ýükleri iberilmezden ozal ýörite däne siloslarynda separasiýadan geçýärler. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda, umumy kuwwaty 35 000 m3 bolan 14 sany häzirki zaman däne siloslary bolup, olar däne önümlerini çyglylykdan gorap, önümiň ygtybarly iberilmegi üçin ähli amatly şertleri döredilen.
Awgust aýynyň dowamynda Russiýa Federasiýasyndan 12 müň tonnadan gowrak güýzlük bugdaý tohumy daşaldy. Bu bugdaý tohumy güýzlük bugdaýyň 5 sany iň ýokary sortlarynyň sanawyna girizilen “Безостая 100” we “Алексеич” ýaly görnüşlerine degişlidir.
Häzirki wagtda, importdan başga-da, däne önümleriniň Russiýa Federasiýasynyň günorta sebitlerinden Pars aýlagyndaky ýurtlaryna we beýleki sebitlere ýükleriň üstaşyr daşalmagy babatynda, Russiýa Federasiýasy bilen gepleşikler alnyp barylýar. Bugdaý önümleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň infrastrukturasynyň mümkinçilikleri, şeýle hem, milli söwda flotumyzyň “Magtymguly”, “Türkmenistan” we “Balkan” gury ýük gämileriniň kömegi bilen daşalýar.