2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Hazarüsti ulag geçelgesiniň möhüm bölegi hökmünde deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we häzirki zaman sanly ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. UNDP tarapyndan hödürlenen Konseptual nota laýyklykda, portda bar bolan Terminaly dolandyryş ulgamyny (TOS) kämilleşdirmek we «Deňizde ýeketäk penjire» (MSW) ulgamyny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, portuň eýýäm eýe bolan ISO-14001 we «Ekoport» şahadatnamalarynyň ähmiýeti bellenilip, halkara ekologiýa standartlaryny has-da ýokarlandyrmak boýunça täze teklipler öňe sürüldi. Döwlet gullugynyň wekilleri bu başlangyçlaryň we taslamalaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürleniljekdigini bildirdiler.
Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar sanlylaşdyrma we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy ylalaşdylar.