Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi saýty işe girizildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web-saýty — https://www.hemayat.gov.tm/ işläp başlady.

Bu platforma Gaznanyň işini Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem halkara hyzmatdaşlary üçin mümkin boldugyça aýdyň, elýeterli we amatly etmek maksady bilen döredildi. Saýtda Gaznanyň wezipeleri, iş ugurlary, habarlar we media maglumatlary ýerleşdirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň martynda döredilen Gaznanyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

·        Ene-atasynyň ideginden mahrum galan çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek;

·        Çylşyrymly lukmançylyk operasiýalaryny we bejergilerini maliýeleşdirmek;

·        Dikeldiş we sagaldyş işlerini geçirmek;

·        Durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak we zerur bolan ideg serişdeleri bilen üpjün etmek;

·        Çaganyň hukuklaryny goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek.

Dört ýylyň dowamynda Gazna ýüzlerçe çaga kömek berip, 700-den gowrak operasiýalaryň we dikeldiş maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegini üpjün etdi. Ýurduň içinde we daşary ýurtlarda onlarça haýyr-sahawat taslamalary durmuşa geçirildi. Gazna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz şahamçasyny açdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegini dowam etdirýär.

Gazna yzygiderli esasda döwletimiziň ähli çäklerindäki çagalar hassahanalarynyň bölümlerine döwrebap tiz kömek awtoulaglaryny, gemodializ enjamlaryny we hatda ýöriteleşdirilen dikuçary sowgat berip, olary goldap gelýär. Mundan başga-da, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalaryň sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarda hereket edýän şuňa meňzeş bejeriş-bilim edaralarynyň terbiýelenýänleri Gaznanyň howandarlygyndadyr.