Türkmenistan bilen Eýran VII Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kazem Garib-Abadi gepleşikler geçirip, 2026-njy ýylyň tomsunda Tähran şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän VII Hazarýaka döwletleriniň sammitine taýýarlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada IRNA habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.  

Duşuşygyň dowamynda taraplar sammitiň öňüsyrasynda çäreleriň utgaşdyrylmagy, şeýle-de Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şol sanda sebit häsiýetli bilelikdäki başlangyçlar barada hem pikir alyşdylar. 

Kazem Garib-Abadi dialogy dowam etdirmek, şeýle-de ähli Hazarýaka döwletleriniň bähbitlerine laýyklykda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrylmagyny nygtady.

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde VI Hazar sammiti geçirildi.