Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Rim şäherinde geçirilen Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Italýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrligi habar berýär.
Forumyň dowamynda Italiýa kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň energetika we infrastruktura ösüş maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä gatnaşyjylar senagat ulgamynda, dokma pudagy, oba hojalyk senagaty we howpsuzlyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäginde Rim şäherindäki Kwirinale köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşdy.