Türkmenistanyň Prezidenti Rimde Italiýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi saparynyň çäginde anna güni Rim şäherindäki Kwirinale köşgünde Italiýanyň Prezidenti Serjio Matarella bilen duşuşdy.

Duşuşykda syýasy dialogy pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Saparyň çäginde Prezident Serdar Berdimuhammedowyň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň Kapitoliý muzeýinde geçiriljek "Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy" atly serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Saparyň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.