Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy bilen sebitleýin okuw maslahaty guramak meýilleşdirilýär

2025-nji ýylyň 23-nji oktýbrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Türkmenistanda deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly,Türkmenistanda Halkara Deňiz Guramasynyň degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny ýokary derejede üpjün etmek we bu ugurda deňizçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurduň deňiz söwda flotunyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.