2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýa resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwili bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Gruziýanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirildi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy dialogy berkitmek, ikitaraplaýyn ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň we duşuşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň BMG-niň çäklerinde birek-biregiň netijeli halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandyklary we olaryň awtordaşlary hökmünde çykyş edýändikleri bellenildi.
Gruziýanyň Prezidenti Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Saparyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda onuň Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem köptaraplaýyn formatdaky, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli alnyp barylýandygy nygtaldy.
Gruziýanyň Premýer-ministri şu ýyl Türkmenistana amala aşyran resmi saparlarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny, olaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýeti eýeländigini belledi.