Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Başlygy bilen Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi giriş sözi bilen çykyş edip, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň döredilmegi bilen gutlady. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, Ýaponiýanyň durnukly ulag ulgamyny üpjün etmekde nähili ýardam edip biljekdigi barada gyzyklanma bildirdi.

Duşuşykda, noýabr aýynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan Ýaponiýada gurnaljak ýaşyl logistika boýunça okuw maslahaty barada hem gürrüň edildi.

Soňra, döwlet gullugynyň başlygy çykyş edip, gullugyň alyp barýan işleri barada gysgaça maglumat berdi. “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodunda gurluşygy alnyp barylýan iki sany gury ýük gämisiniň hereketlendirijileriniň Ýaponiýanyň Yanmar kompaniýasynyň önümi bolup durýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem, port dolandyrmagy, gämi gurluşygyny we floty ösdürmek boýunça ugurlarda ýapon tarapy bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdi.

Ilçi çykyşynyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň gämi gurluşygy babatda Koreýa Respublikasy we Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny belläp, bu ugurda Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen hem zerur ätiýaçlyk şaýlaryny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garalmagynyň ýerliklidigini nygtady.

Türkmen tarapy, Ýaponiýanyň kompaniýalary bilen bilelikde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde kiçi önümçilik sehlerini döretmek hem-de ýapon önümleriniň önümçiligini ýola goýup, olary goňşy ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Bu babatda Ilçi degişli ýapon kompaniýalaryna teklibi ýetirmek we degişli maslahatlary geçirmek barada aýtdy.