Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan tarapyndan täze multimodal ýük gatnaw ugry işe girizildi. Açylyş dabarasy 15-nji oktýabrda Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynyň Kaşgar şäherinde geçirildi. Şol ýerden ýedi ýük ulagynyň Gyrgyzystan serhedine tarap ugrandygy habar berildi.
Ýükleriň 21-nji oktýabrda Özbegistana, 24-nji oktýabrda bolsa Türkmenistana gelmegine garaşylýar. Türkmenistandan iberilmeli harytlaryň bir bölegi Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana geçiriler.
Bu ýol Hytaý–Ýewropa Transhazar gecelgesiniň günorta ugry boýunça amala aşyrylýan synag gatnawydyr. Ol Şensi welaýatynyň Sian we Syçuan welaýatynyň Çendu şäherlerinden başlanýan iki sany halkara multimodal ulag ugrundan ybarat bolup durýar.
Ýükler awtoulag arkaly Gyrgyzystana getirilip, şol ýerde demir ýol ulagyna geçirilmeli we awtoulag-demir ýol birleşdirilen görnüşde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna çenli daşalar. Soňra Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjanyň Baku şäherine ýetiriler.
Beýleki ugur bolsa ilkinji gezek Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistanyň arasyndaky göni gatnawlary hytaý ulaglarynyň kömegi bilen üpjün eder. Bu ugur boýunça soňky nokat Aşgabat şäheri bolar.
Täze ugur Merkezi Aziýa — Hytaý we Hytaý — Ýewropa aralygyndaky daşama ugurlaryny köpeltmek hem-de Orta geçelgäniň tranzit mümkinçiliklerini ösdürmek maksadyny göz öňünde tutýar.