Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna çarşenbe güni Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taryhy Týananmen meýdançasynda guralan dabaraly harby ýörişe 26 ýurduň liderleri gatnaşdy. Olaryň arasynda Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Mongoliýanyň döwlet ýolbaşçylary hem bar. Dabaranyň maksady parahatçylygyň gymmatlyklaryna hormat goýmak we milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak boldy.
Saparyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady, ulag-logistika we beýleki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Birnäçe möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerindäki “ŞHG+” sammitine myhman hökmünde gatnaşdy. Ol çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny, sebitde dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.
Saparynyň jemini jemläp, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady. Döwlet Baştutanyny Hytaýyň resmi wekilleri ugratdylar.