Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada geçirilen Bled strategiki forumynyň çäklerinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine bagyşlanan “The Centrality of Central Asia” atly tegelek stol maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky strategik köpri hökmünde ähmiýetini nygtap, ulag we energetika ulgamyndaky baglanyşyklary, sanly hyzmatdaşlygy hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynda ýurdumyzyň ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary barada gürrüň berdi. Olaryň hatarynda gara we demir ýollaryň gurluşygy, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek işleri aýratyn bellenildi. Energetika ulgamynda bolsa täze hyzmatdaşlyk ugurlary, gaz alyş-çalyşy, innowasion hem-de “ýaşyl” energetika tehnologiýalary boýunça taslamalar barada maglumat berildi.

Mähri Bäşimowa öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda durnukly we ygtybarly köpri hökmünde ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatyna, bu ugurdaky baý tejribesine üns çekdi.

Forumyň gatnaşyjylary syýasy gepleşikleriň ýokary derejesini belläp, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze ugurlary işjeňleşdirmek boýunça taýýardygyny tassykladylar.