Awazada guraljak forum şu ýylyň möhüm çäreleriniň birine öwrüler

Ýakyn günlerde Awaza dünýäniň köp ýurtlaryndan geljek myhmanlary kabul eder. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde, şu ýylyň awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek barada Kararnama kabul edildi.

Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň hem-de ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki ornunyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçiriljek çärä berilýän goldaw we ähmiýet Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we bu halkara guramanyň ýolbaşçylary bilen oňyn, netijeli hyzmatdaşlygyny ýola goýýandygyny görkezýär.

Türkmenistan bu möhüm halkara çärä taýýarlygyny örän jogapkärçilikli alyp barýar. Şu ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şeýle giň gerimli çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň awgust aýynda Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky Karara gol çekdi.

Maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça köpsanly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Oňa 30-dan gowrak döwletiň, şol sanda hökümet ýolbaşçylarynyň, BMG-niň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mazmunly gepleşikler, innowasion pikirler, köpçülikleýin islegler we öňdebaryjy tejribäniň alyş-çalşygy ähli gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki mümkinçiliklerini doly açar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösmegine we durnukly ösüşine ýetmek üçin diňe bilelikde hereket etmek arkaly mümkin bolup, Awazada geçiriljek maslahat bu hereketlere güýçli itergi berer.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty bu döwletleriň öňündäki kynçylyklary ýeňip geçmekde, olaryň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekde täze çözgütleri tapmaga we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşar. Bu bolsa has adalatly we bagtyýar geljegi gurmak üçin goşmaça mümkinçilik bolup durar.