Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda duşuşyk
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda taraplar gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Ilçi Belarusuň Çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Wise-prezidente iberen minnetdarlyk hatyny, şeýle hem çagalar üçin ýörite döredilen ösüş toplumyny gowşurdy.O.Atabaýewa minnetdarlyk haty we Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine gowşurylan çagalar üçin sowgat babatynda hoşallygyny bildirdi.Taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.