25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň hem-de göz öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletli häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna daýanýandygy nygtaldy. Syýasy dialog, şol sanda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.