Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýydyr geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda garaýyşlaryny beýan etdiler.

“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda Hytaýyň Lideri Pekiniň Türkmenistana bolan hyzmatdaşlygyny özara hormat goýmak esasynda has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny belledi. Ol gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, energiýa däl ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň hem-de ikitaraplaýyn söwda ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Şeýle hem Si Szinpin Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy babatda Hytaýyň goldawyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşmak üçin Astanada iş saparynda bolýar.