Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurduň oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary, Magtymguly daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçisi mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň döwlet Baştutany kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahalliýewiň ýurtda üznüksiz hasyl almak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatyny diňledi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň ülňülerine berk eýerilmegini we ýitgileri azaltmak üçin hasyl ýygnamak işleriniň netijeli gurnalmalydygyny nygtady.
Şeyle hem Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde guralan gök-bakja we miwe önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň kärendeçisi I.Akmyradow bilen söhbetdeş boldy. Ol 2010-njy ýyldan bäri maşgala agzalary bilen kärendä alan ýerinde bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirýändigini aýtdy. Şeýle hem ol özüniň 62 gektar kärende ýeriniň bardygyny, 2025-nji ýylyň hasyly üçin 42 gektara bugdaý, 20 gektara bolsa gowaça ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ýerde yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan bol hasyl öndürýän kärendeçä öz sowgatlaryny gowşurdy.