Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan Merkezi Aziýanyň özboluşly ekosistemasy bolan Üstýurt platosynyň tebigy ulgamyny bilelikde goramak boýunça ylalaşdylar.
Bu ugurda 2030-njy ýyla çenli niýetlenen Ýol kartasyna gol çekilip, ol migrasiýa ugurlaryny saklamak, gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek we bikanun awçylyk bilen göreşi güýçlendirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Bu resminamanyň taýýarlanylmagyna Mihael Zukkow gaznasy (tebigaty goramak boýunça haýyr-sahawat gaznasy) hem-de BMG-niň möwsümleýin göçýän haýwan görnüşlerini goramak boýunça Bonn konwensiýasynyň sekretariaty goldaw berdi. Bu barada centralasiaclimateportal.org ýazýar.
Ýol kartasy sebitiň ýurtlarynyň we halkara hyzmatdaşlarynyň biologik dürlüligi goramakdaky tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen taýýarlanyldy.
Ýol kartasy 2025 — 2030-njy ýyllary öz içine alýar we aşakdaky ýedi esasy ugra gönükdirilendir:
1. Ýabany haýwanlary we olaryň ýaşaýyş ýerlerini serhetara derejede goramak.
2. Seýrek görnüşleriň serhetara populýasiýalarynyň gözegçiligini kämilleşdirmek.
3. Üstýurt platosynyň biologik dürlüligi goramakdaky ähmiýeti hakynda habardarlygy ýokarlandyrmak.
4. Bikanun awçylyk bilen göreşmek.
5. Ekoturizmi ösdürmek we ykdysady ösüşiň biologik dürlülige edýän täsirini azaltmak.
6. Gepardlaryň gaýtadan köpelmegi boýunça hyzmatdaşlyk etmek.
7. Tebigaty goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek.
Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmegine Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça degişli edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Ýeri gelende bellesek, Üstýurt platosy Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde — Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýär. Sebit aşa kyn howa şertlerine eýedir: tomsy yssy we gurak, gyşy bolsa juda sowuk we ýelli bolýar. Agyr howa şertlerine garamazdan, bu ýerde 700-den gowrak ösümlik görnüşi ösýär, 230-a golaý guş görnüşi we süýt emdiriji haýwanlaryň 60-a golaý görnüşi ýaşaýar.