2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada
Häzirki wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Tebigy serişdeleriň baý gorlaryna, depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan we geografiýa taýdan amatly ýerleşen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.
TDH-nyň habarlaryna görä, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitiň işine Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, foruma çakylygy hem-de myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutany bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Gepleşikleriň ahyrynda «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanyna ugrady.