Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk sazy” festiwalyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwalyna gatnaşyjylary we myhmanlary gutlap, olara berk jan saglyk we döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylyş dabarasy boldy.

Bu çärä gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, opera aýdymçylarydyr sazandalar Aşgabada geldiler.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň goldamagynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçýän festiwalyň ähmiýetini nygtady.

Serdar Berdimuhamedow medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtap, aýdym-sazyň halklary birleşdirýändigini, geçirilýän festiwallaryň bolsa halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny belledi. Çäräniň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurtly artistleriň gatnaşmagynda konsertleriň, döredijilik duşuşyklaryň we ussatlyk sapaklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti festiwalyň medeni gymmatlyklary ilerletmek we halklaryň arasynda dostlugy berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine ynam bildirdi.