Gurbanguly Berdimuhamedow Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde türki dünýäniň iň beýik ruhy we taryhy-medeni mukaddes ýerlerinden biri hasaplanýan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Hoja Ahmet Ýasawynyň mawzoleýine baryp gördi. Bu barada TDH habar berýär.

Belent mertebeli myhmanlar görnükli akyldary hatyralap aýat-doga okadylar hem-de mawzoleýde işjeň alnyp barylýan dikeldiş we ylmy gözleg işleri bilen tanyşdylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Gazagystanyň Türküstan şäherinde saparda bolýar. Saparyň çäginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gazagystanyň Prezidentiniň arasynda resmi däl duşuşyk geçiriler.