Türkmenistan bilen Rumyniýa bilelikdäki energetika taslamalary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň wekilleri 2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, nebitiň we gazyň iberilişini aňsatlaşdyrmaga hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki energetika taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, gepleşikler Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel Kasýan Nituleskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň dowamynda geçirildi.

Taraplar açyk dialogyň we bilelikdäki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin täzeçil pikirleri alyşmagyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Energetika, söwda we ulag ulgamlary iki ýurduň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolmagynda galýar.