2025-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna sapary amala aşyryldy.
Saparyň dowamynda Şweýsariýanyň Federal Daşary işler departamentiniň Döwlet sekretariatynyň Ýewraziýa bölüminiň ýolbaşçysy Mýuriel Peneweýre bilen syýasy geňeşmeler geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy- diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary derejeli saparlaryň döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, şol sanda halkara platformalarynyň çäklerinde şeýle gatnaşyklary guramagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler. Halkara düzümleriň, hususan-da BMG we ÝHHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligine üns çekildi.
Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän, şeýle hem häzirki wagtda taslamalarynyň üstünde işlenilýän hukuk resminamalaryna garaldy.
Mundan başga-da, diplomatlar Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, hususan-da bilelikdäki işewürlik forumlaryny geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn mehanizmlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, şol sanda ylym we bilim pudaklaryndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki medeni çäreleri, medeniýet günleri we ş.m. geçirmäge gyzyklanma bildirildi.