16 Jun 2024
Türkmenistanda ýokary harby okuw mekdeplerini gutaranlar hormatlandy
Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň diňleýjileriniň, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy boldy. Bu barada «Milligosun» resmi saýtynda habar berdi.