«WindWing» atly innowasion ýelken gämileriň her gün 12 tonna ýangyjy tygşytlamagyna kömek eder
Geçen ýylyň awgustynda «WindWing» innowasion ýelkenleri bilen enjamlaşdyrylan ägirt uly, beýikligi 10 gata ýetýän ýük gämisi — «Pyxis Ocean» Hytaýdan Braziliýa tarap ýola düşdi. Alty hepdelik ilkinji syýahatdan soň ýene birnäçe deňiz gatnawy amala aşyryldy we gämi ugurlarynyny seljeren «Cargill» kompaniýasy ýakynda bu syýahatyň netijelerini paýlaşdy. Şeýlelikde, «WindWing» gämisiniň ýelkenleri bar bolan gämilerden zyňyndylary azaltmagyň geljegi uly usuly hökmünde görünýär.