S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawyny açar

S7 awiakompaniýasy Nowosibirsk–Aşgabat ugry boýunça täze göni howa gatnawyny açar we uçuşlar 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap, her hepdäniň sişenbe güni amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi web-sahypasynda habar berilýär.

Nowosibirsk şäherindäki Tolmaçýowo howa menzilinden (OVB) uçuş sagat 00:55-de amala aşyrylyp, uçar ýerli wagt bilen sagat 03:00-da Aşgabada gelip gonar. Bu ugur boýunça uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar. Uçuşlar “Airbus A320” kysymly howa gämileri arkaly ýerine ýetiriler.

Aşgabatdan Nowosibirsk şäherine gaýdýan uçar gatnawy hem sişenbe günlerine bellenildi we uçar Aşgabatdan sagat 04:30-da uçup, Nowosibirsk şäherine sagat 10:15-de gonar. Uçuşyň dowamlylygy 3 sagat 45 minut bolar.

Ýolagçylara “Standart” we “Plýus” tarifler hödürlenýär. Olarda ýangoşy götermek, petekleri çalyşmak we yzyna gaýtarmak ýaly şertler göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, goşmaça hyzmatlar — anyk ýer bellemek, ýangoşlary tabşyrmak hem-de ekonom klasdan biznes klasa geçmek mümkinçilikleri bar.

S7 awiakompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri Moskwa bilen Aşgabat aralygynda uçuşlary ýerine ýetirip gelýär. Häzirki wagtda bu ugur boýunça uçuşlar her gün amala aşyrylýar. Nowosibirsk şäheriniň saýlanylmagynyň esasy sebäbi, S7-niň iň iri üstaşyr merkezi hut şol şäherde ýerleşýär.